#
01.12.2020

Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 12 günlük halkara sergi öz işine başlady.

Bu sergide her pudagyň gazanan üstünlikleri, esasan-da Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda ýokary hilli tehnologiýalar bilen öndürilen we bäsdeşlige ukyply dürli önümleriň nusgalary görkeziler. Munda başga-da sergide ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyndan, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, birnäçe pudaklar boýunça ýokary hilli önümleri görkeziler.

Şanly sene mynasybetli guralýan bu sergi ýurdumyzda ýaýbaňlanýan gurluşyk işleriniň gerimi, ýerli çig mallary özleşdirmegiň netijesinde senagat kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyň düşünje almaga hem mümkinçilik berer.