#
01.12.2020

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän serginiň çäklerinde Dokma senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi erkekler, aýallar we çagalar üçin niýetlenen egin-eşikleriniň gyşky toplumynyň görkezilişini guradylar.

Bu moda sergisinde dokma senagatyna degişli birnäçe kärhanalaryň şeýle-de dizaýner telekeçileriň öndüren birnäçe görnüşdäki egin-eşikleri görkezildi. Sergä gatnaşyjylar birnäçe wagtyň dowamynda ajaýyp we köpdürli lybaslara tomaşa etdiler. Moda sergisinde görkezilen lybaslaryň ählisi milli bezegler we döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrylypdyr.