#

Süleýman Demirel adyndaky Tejen pagta egirme fabrigi

Süleýman Demirel adyndaky Tejen pagta egirme fabrigi 1994-nji ýylyň maý aýyndan bäri işläp gelýär. Süleýman Demirel adyndaky Tejen pagta egirme fabrigi Tejen şäheriniň Süleýman Demirel köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýär.

Süleýman Demirel adyndaky Tejen pagta egirme fabriginiň diňe nah ýüplügi öndürmek üçin niýetlenendir we häzirki wagtda hem şol önüm öndürilip gelinýär. Fabrikde OE (open-end) nah ýüplügi howa arkaly egriji enjamlarynda öndürilýär. Fabrik Şweýsariýanyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, öndürilýän önüm howa arkaly (pnewmomehaniki usuldaky) nah ýüpligiň Nm 10/1, Nm 12/1, Nm 14/1, Nm 17/1, Nm 20/1, Nm 27/1, Nm 34/1 ölçeglerde nah ýüplük öndürilýar. Fabrikde 2016-njy ýylda bölekleýin modernizasiýa işleri geçirilen.

Fabriginiň kuwwatlylygy ortaça bir ýylda 4 800 tonn Nm 20/1 nah ýüplük. Sarp ediljek çig mal 5 500 tonn pagta süýümi. Önümçilik diapazony Nm 10/1 – Nm 34/1 (Ne 6/1 – Ne 20/1).

Önümçilik üçin gerek bolan Pagta süýümini Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli bolan Pagta arassalaýjy kärhanalardan tabşyryknama esasynda alynýar.

Kärhanada öndürilýän önümi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň tabşyryknamasy esasynda göýberiýär ýa-da Türkmenistanyň döwlet haryt we çig mal biržasyna satlyga goýulýar we müşderiler şol ýerden taýýar önümi satyn alýarlar.

Süleýman Demirel adyndaky Tejen pagta egirme fabriginiň önümçiligi barada:

2020-nji ýylyň 12 aýynda 4 610.0 tonna pagta süýümi önümçilige alnyp, 3830.0 tonn jemi bahasy 32 928 687 manatlyk nah ýüplügi öndürildi.

2020-nji ýylyň 12 aýynda önümi ýerlemekden 28 799 257 manat peýda alyndy. Düşewüntlilik derejesi 2020-nji ýylyň 12 aýynda 25.9% bolup geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3.2% ýokarlandy.

alternative
alternative