#

Biz barada

Süleýman Demirel adyndaky Tejen pagta egirme fabrigi 1994-nji ýylyň maý aýyndan bäri işläp gelýär. Süleýman Demirel adyndaky Tejen pagta egirme fabrigi Tejen şäheriniň Süleýman Demirel köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýär. Kärhanada öndürilýän önümi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň tabşyryknamasy esasynda göýberiýär ýa-da Türkmenistanyň döwlet haryt we çig mal biržasyna satlyga goýulýar we müşderiler şol ýerden taýýar önümi satyn alýarlar.

Önümlerimiz

Süleýman Demirel adyndaky Tejen pagta egirme fabriginiň diňe nah ýüplügi öndürmek üçin niýetlenendir we häzirki wagtda hem şol önüm öndürilip gelinýär. Fabrikde OE (open-end) nah ýüplügi howa arkaly egriji enjamlarynda öndürilýär. Fabrik Şweýsariýanyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, öndürilýän önüm howa arkaly (pnewmomehaniki usuldaky) nah ýüpligiň Nm 10/1, Nm 12/1, Nm 14/1, Nm 17/1, Nm 20/1, Nm 27/1, Nm 34/1 ölçeglerde nah ýüplük öndürilýar. Fabrikde 2016-njy ýylda bölekleýin modernizasiýa işleri geçirilen.

Täzelikler

#

Täze ýyl nyşanly dokma önümleri ýurduň dükanlarynda satylmaga başlady

#

Aşgabatda gyşky lybaslaryň görkezilişi boldy

#

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan 12 günlük sergi öz işine başlady